Top.Mail.Ru

Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Hasyl toýy bilen gutlady

22:2112.11.2022
1
25641
Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Hasyl toýy bilen gutlady
Surat: tdh.gov.tm

Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna ertir — 13-nji noýabrda ýurtda giňden belleniljek Hasyl toýy mynasybetli Gutlag iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

— Eziz watandaşlar! Edermen daýhanlar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenýän Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda belleýär.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda Hasyl toýunyň uly baýram hökmünde döwlet derejesinde giň gerim bilen bellenilmegi örän çuňňur many- mazmuna eýedir. Bu baýram merdana türkmen halkynyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň subutnamasydyr. Ene topraga bolan yhlasynyň we söýgüsiniň dabaralanmasydyr. Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşandyr.

«Siziň çekýän yhlasly we tutanýerli zähmetiňiziň netijesinde, sahawatly türkmen topragynda oba hojalyk ekinleriniň bol hasyly ýetişdirilýär. Ýurdumyzda azyk howpsuzlygy üpjün edilýär. Berkarar döwletimiziň ähli ugurlar boýunça uly ösüşlere beslenýän häzirki ajaýyp zamanamyzda siziň tutanýerli, halal zähmetiňizden bol hasyl eçilýän bereketli türkmen topragynyň, edermen daýhanlarymyzyň zähmet ýeňişleriniň şanyna tutulýan Hasyl toýy halkymyzyň iň buýsançly baýramlarynyň biridir» diýmek bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow edermen daýhanlaryň, hasyl ussatlarynyň zähmetine ýokary baha berýär.

— Oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin ykdysady taýdan ýeňillikleriň döredilmegi we olaryň çekýän zähmetine mynasyp baha berilmegi ýurdumyzda daýhan zähmetine belent sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Bereketli türkmen topragyndan ýokary hasyl almagy başarýan edermen daýhanlarymyza halal zähmeti bilen baýamak, çekýän zähmetiniň hözirini görüp, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamak üçin geljekde-de ýurdumyzda ähli mümkinçilikler dörediler — diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda nygtaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň