Soňky habarlar

Arhiw

Aragatnaşyk operatoryndan ýygym almagyň Tertibi we möçberi tassyklanyldy

22:1311.11.2022
0
27939

11-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Aragatnaşyk operatoryndan belgileýiş resursynyň alnandygy üçin ýygym almagyň tertibini we şol ýygymyň möçberini tassyklamak hakyndaky» Kararyň taslamasy barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudaklaýyn düzümiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy, iň öňdebaryjy enjamlaryň we täzeçillikleriň ulanylmagy netijesinde, ýurtda aragatnaşygyň köp şahaly ulgamynyň üstünlikli işleýändigini belledi hem-de degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly iberdi we agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanynyň gol çeken Karary bilen, aragatnaşyk operatoryndan belgileýiş resursynyň alnandygy üçin ýygym almak bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirmek, alynýan ýygymyň möçberini kesgitlemek maksady bilen, şeýle hem «Aragatnaşyk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, aragatnaşyk operatoryndan belgileýiş resursynyň alnandygy üçin ýygym almagyň Tertibi, şeýle hem şol alynýan ýygymyň möçberi tassyklanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň