Türkmenistanda ikinji aragatnaşyk hemrasy boýunça taslamanyň üstünde işlenilýär diýip, «Türkmen hemrasy» ÝGPJ-niň direktory Batyr Orazdurdyýew «Türkmentel—2022» Halkara maslahatynyň dowamynda mälim etdi.
— «TürkmenÄlem 52°E» aragatnaşyk hemrasy hyzmat möhletiniň ýarysyny tamamlady. Häzirki wagtda biz ikinji aragatnaşyk hemrasynyň taslamasyny meýilleşdirip başladyk. <…> Munda aragatnaşyk hemrasynyň häzirki ýygylygyny saklamak bilen, döwrebap kosmos tehnologiýalaryny ulanmak arkaly tehniki mümkinçiliklerini artdyrmak meýilleşdirilýär, <…> goşmaça ýygylyklary ulanmak arkaly gurşaw meýdanyny giňeltmek, şeýle hem ýerüsti infrastrukturany kämilleşdirmek meýilleşdirilýär — diýip, Batyr Orazdurdyýew gürrüň berdi.
Orazdurdyýew bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» goşulandygyny aýtdy.
«TürkmenÄlem 52°E» aragatnaşyk hemrasy 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde Kanaweral burnundaky kosmodromdan Falcon 9 amerikan raketasy bilen orbitada uçuryldy. Onuň hyzmat möhleti 15 ýyl bolup durýar. Hemra «Thales Alenia Space» fransuz-italýan kompaniýasy tarapyndan öndürildi.