«OneWeb» iňlis kompaniýasy 2023-nji ýylda 648 hemradan ybarat topary orbita çykaryp tamamlamagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň bazara giriş boýunça müdiri Iwan Zaýtsew «Türkmentel—2022» Halkara maslahatynyň dowamynda habar berdi.
— 23-nji oktýabrda 36 hemrany orbita çykaryp, nobatdaky uçuryşy amala aşyrdyk we ýylyň ahyryna çenli Falcon 9 raletasynyň kömegi bilen ABŞ-dan ýene bir uçuşy amala aşyrmagy meýilleşdirýäris. Şondan soňra indiki ýyla bary-ýogy üç uçuryş galýar we bu «OneWeb»-iň doly hemra segmentini emele getirer — diýip, Zaýtsew gürrüň berýär.
Zaýtsew «OneWeb» ýyldyzlar toplumynda jemi 648 hemranyň boljakdygyny, olaryň 462-siniň häzirki wagtda ýerleşdirilendigini, munuň bolsa orbita çykmaly ähli hemralaryň 70%-den gowragyny düzýändigini aýtdy. Belläp geçsek, «OneWeb» pes orbitaly kosmos gämisi sarp edijilere ýokary tizlikli interneti elýeterli etmek üçin niýetlenendir.
«Türkmentel—2022» konferensiýasy 10-11-nji noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilýär. Onuň umumy mowzugy Türkmenistanyň jemgyýetçilik-ykdysady giňişligini sanlylaşdyrmakda esasy faktor hökmünde maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny ösdürmek bolup durýar. Maslahatda Türkmenistandan başga-da Azerbaýjandan, Hytaýdan, Russiýadan, Finlýandiýadan we beýleki ýurtlardan gelen gatnaşyjylar çykyş edýärler.