Soňky habarlar

Arhiw

«Berkarar» SDAM-de meşhur aýakgaplaryň täze dükany açylar

15:1810.11.2022
0
38303

1-nji dekabrda «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde öňdebaryjy türk öndrijileriniň meşhur aýakgaplarynyň dükany bolan «FLO-nyň» täze dükany açylar.

Dükanyň hödürleýän harytlarynyň arasynda erkekler, zenanlar we çagalar üçin köwüşler, sport aýakgaplary (krossowkalar), mokasinalar, loferler, ýyly görnüşler, ädikler we ş.m. rahat hem-de owadan aýakgap görnüşleri bardyr.

«FLO» dükanynda alyjylara töleg üçin ýarym ýyl möhlet we öňünden töleg geçirmezlik şerti bilen harytlary satyn almak mümkinçiligi hödürlener. 1500 manada çenli söwdanyň töleginiň möhletini resmileşdirmek üçin pasportyň hakykysyny we göçürmesini getirmelidir, eger söwdanyň mukdary 1500-den 3000 manat aralygynda bolsa, onda alyjydan pasportyň hakykysy, göçürmesi we iş ýerinden kepilnama talap edilýär.

«FLO» dükany alyjylaryna «Berkarar» SDAM-niň 0-njy (ýerzemin) gatynda garaşar. Telefon belgisi: (+993 64) 76 89 08. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň