Soňky habarlar

Arhiw

3000-nji ýylyň adamynyň 3D-nusgasy döredildi

17:0108.11.2022
0
49539
3000-nji ýylyň adamynyň 3D-nusgasy döredildi
Surat: tollfreeforwarding.com

«Toll Free Forwarding» kompaniýasynyň hünärmenleri uzak geljekde ýaşajak adamlaryň nähili sypatda boljakdyklarynyň nusgasy bilen tanyşdyrdylar, şeýle hem 3000-nji ýylyň adamynyň nusgasyna «Mindi» diýlip at berildi diýip, «The Daily Mail» gazeti ýazýar.

Taslamany döredijiler adamlaryň geljekde gajetlere garaşly boljakdygy barada pikirden ugur aldylar, bu bolsa adamzadyň ewolýusiýasyna täsir eder. Hünärmenler bu ugurdaky ylmy-barlaglary seljerip, 3D-dizaýnça ýüz tutmazdan öň, alymlaryň pikirlerine bil bagladylar.

Alnan maglumatlaryň esasynda «bedeni hemişe smartfonlary, noutbuklarydyr beýleki tehnologiýalary ulanýandygy sebäpli fiziki taýdan özgeren» adamyň keşbi döredildi.

Surat: tollfreeforwarding.com

Şeýlelikde, Mindiniň küýki arkasy, giň boýny, üýtgän eli, hatda ikinji jübüt kirpikleri-de bar. Kompýuteriň ýa-da smartfonyň ekranyna hemişe egilmek zerurlygy adamyň oňurgasynyň egrelmegine getirer diýip, hünärmenler aýdýarlar. Ol adam eliniň tirsegini dowamly 90 gradus burçda saklamagy netijesinde emele gelýär. Bu ýagdaýda tirsegiň yzyndaky nerw damary dartylyp, oňa basyş düşüp biler. Elleriň barmaklary gajeti amatly saklamak üçin gysgyçlara meňzeş bolar.

Alymlar şeýle-de boýnuň has ýogyn boljakdygy barada netijä geldiler, ol kelläni aralykdan okamak üçin gerek bolan ýagdaýda saklamak bilen bagly emele geler. Mindiniň beýleki aýratynlyklary has galyň kelleçanak hem-de kiçelen beýni bolup durýar, şeýle-de 3000-nji ýylda ýaşajak adamyň göreji çakdanaşa yşykdan goramak üçin gözleriniň ikinji kirpik hatarynyň dörejekdigi gümansyzdyr diýip, alymlar aýdýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň