Top.Mail.Ru

Alžir BRIKS guramasyna girmek üçin resmi ýüz tutdy

13:3608.11.2022
0
13135
Alžir BRIKS guramasyna girmek üçin resmi ýüz tutdy
Surat: gazeta.ru

Alžir döwleti bäş sany öňdebaryjy ösýän ýurtlaryň – Braziliýanyň, Russiýanyň, Hindistanyň, Hytaýyň we GAR-nyň bileleşigi bolan BRIKS-iň agzasy bolmak üçin resmi ýüz tutdy. Bu barada «RIA Nowosti» Alžiriň DIM-niň halkara hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili Leýla Zarukiniň sözlerine salgylanyp, habar berdi.

Iýunda bileleşige girmek üçin Eýran we Argentina ýüz tutupdy.

Geçen awgust aýynda Alžiriň Prezidenti Abdelmajid Tebbun Respublikanyň BRIKS bileleşigine agzalyga güýçli isleg bildirýändigini, munuň üçin öz ýurdunyň ähli şertlere eýedigini aýdypdy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň