Şu gün — çarşenbe güni Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew «Gazagystan-türkmen döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we Hazar deňzindäki balyk tutulýan zolaklaryň ýanaşyk böleklerinde çäk çekmek hakynda Gazagystan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda» Kanuna gol çekdi. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.
Ýatlap geçsek, Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky bu Şertnama 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda gol çekilipdi. Onuň maksady iki ýurduň arasyndaky Hazar deňzindäki döwlet serhediniň çägini kesgitlemek, territorial suwlaryny we balykçylyk zolaklarynyň ýanaşyk ýerlerini kesgitlemekden ybarat bolup durýar. Onuň çäk çyzyklary häzirki zaman halkara deňiz kanunlarynda garşylyklaýyn ýa-da ýanaşyk kenarýakaly döwletleriň arasynda deňiz giňişligini kesgitlemekde ulanylýan umumy ykrar edilen usul bolan orta çyzyk ýörelgesine esaslanýar.
Taraplaryň pikiriçe, Şertnamanyň tassyklanmagy suw biologiki baýlyklaryndan ýerasty baýlyklardan peýdalanmak we balyk tutmak üçin özygtyýarly hukuklaryň ulanylmagy babatda amatly şertleri üpjün eder, şeýle hem taraplaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeldip, Hazar deňziniň syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik we medeni ähmiýetini berkider.
Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky döwlet serhediniň umumy uzynlygynyň 458 kilometre barabardygyny ýatladýarys.