Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň U-20 zenanlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň bije çekişligine dördünji torbadan gatnaşar

12:4402.11.2022
0
19036

Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli zenanlar ýygyndysy 2024-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň kubogy ugrundaky yklym ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişligine dördünji torbadan gatnaşar. Bu barada AFK-nyň resmi saýty habar berdi.

Bije çekişlik 3-nji noýabr güni Kuala-Lumpur şäherinde geçiriler. Ol Aşgabat wagty bilen gündiz sagat 11-de başlanar.

Bije çekişligiň torbalary aşakdaky tertipde:

  • 1-nji torba: Awstraliýa, Hytaý Halk Respublikasy, Mýanma, Eýran, Nepal, Liwan;
  • 2-nji torba: Taýwan, Hindistan, Malaýziýa, Birleşen Arap Emirlikleri;
  • 3-nji torba: Mongoliýa, Singapur, Gonkong, Guam, Täjigistan, Pakistan, Butan;
  • 4-nji torba: Indoneziýa, Yrak, Demirgazyk Marian adalary, Fippinler, Türkmenistan;
  • Ýer eýeleriniň torbasy: Bangladeş, Kamboja, Iordaniýa, Gyrgyzystan, Laos, Palestina, Tailand, Wýetnam.

Yklym ýaryşynyň birinji saýlama tapgyrynyň duşuşyklary 2023-nji ýylyň 4 ― 12-nji marty aralygynda geçiriler. Bu tapgyryň duşuşyklaryny merkezleşdirilen görnüşde bir aýlawda Bangladeşde, Kambojada, Iordaniýada, Gyrgyzystanda, Laosda, Palestinada, Tailandda we Wýetnamda geçirmek meýilleşdirilýär. Bu tapgyrda toparçalarda ýeňiji bolan sekiz ýygyndy ikinji saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar. Bu gezek iň güýçli dört ýygyndy ýaryşyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Yklym ýaryşynyň final tapgyry 2024-nji ýylyň 3 ― 16-njy marty aralygynda geçiriler. Oňa ýer eýesi hökmünde Özbegistanyň ýygyndysy we reýtingiň ilkinji üç basgançagyndaky Ýaponiýanyň, KHDR-nyň we Koreýa Respublikasynyň ýygyndylary awtomatiki ýagdaýda gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň