Habar berşimiz ýaly, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Aşgabatda saparda bolmagynyň çäklerinde, şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Bu barada özbek Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda köp asyrlyk türkmen-özbek dosluk gatnaşyklary we ýokary derejede ösdürilýän strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonuň bilen baglylykda, parlamentleriň arasyndaky gatnaşyklaryň halklary has-da ýakynlaşdyrmakda iň möhüm gural bolup durýandygy bellenildi. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek üçin, parlamentara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmalydygyna üns çekildi. Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewe türkmen halky tarapyndan aýratyn hormatlanýan alabaý tohumynyň güjügini sowgat berdi.