Soňky habarlar

Arhiw

Tokaýew: «Gazagystan ― Türkmenistan ― Eýran demir ýoly Gündogar Aziýadan Pars aýlagyna iň gowy çykalgadyr»

16:2814.10.2022
0
18682
Tokaýew: «Gazagystan ― Türkmenistan ― Eýran demir ýoly Gündogar Aziýadan Pars aýlagyna iň gowy çykalgadyr»
Surat: akorda.kz

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Merkezi Aziýa döwletlerini we Russiýany bilelikde infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge çagyrdy. Bu barada «Kazinform» habar berýär.

«Özboluşly geografiki ýerleşişi sebäpli Merkezi Aziýa dünýäniň iň uly bazarlarynyň arasynda möhüm baglanyşykdyr. Şonuň üçin bu sebitde bar bolan we geljekki ulag we üstaşyr ugurlaryny ösdürmekde güýjümizi jemlemek möhümdir. Bütindünýä bankynyň habaryna görä, Merkezi Aziýada ulag aragatnaşygynyň ösüşi ähli ýurtlaryň jemi içerki önüminiň 15 göterim ösmegini üpjün edip biler» diýip, gazak Lideri Merkezi Aziýa ― Russiýa sammitinde eden çykyşynda aýtdy.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti adaty logistika zynjyrlarynyň kesilmegi şertlerinde ulag we üstaşyr mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň zerurdygyny aýtdy. Infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak, administratiw ýagdaýlary ýönekeýleşdirmek, üstaşyr geçmek üçin amatly gurşawy döretmek we toplumlaýyn sanly logistika çözgütlerini girizmek möhümdir.

«Gündogar Aziýadan Pars aýlagynyň ýurtlaryna iň gysga ýoly açýan Gazagystan ― Türkmenistan ― Eýran demir ýolunyň mümkinçiligini iň ýokary derejede ulanmak mümkin» diýip, Prezident öz çykyşynda aýtdy.

Sammitiň şu gün Astana şäherinde geçirilýändigini ozal habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň