Türkmenistanly güýçli adam Dawid Melkumow Aşgabat şäherinde birnäçe adamyň şaýat bolmagynda agramy 120 tonna bolan lokomotiwi ýerinden gozgady. Öz agramy 92 kilograma ýetýän türgen lokomotiwi 2,7 metr süýşürdi.
Bu täsin synanyşyk türgeniň tälimçisi tarapyndan metbugat wekilleriniň şaýat bolmagynda geçirildi.
Ol mundan ozal ýük awtoulaglaryny ýerinden gozgap bilipdi. Güýçli adam geljekde ýük uçaryny süýşürmäge synanyşmakçy.
«Turkmenportal» onuň bilen ýörite söhbetdeşlik hem taýýarlady. Siz bu söhbetdeşligi habarymyzyň rus dilindäki bölüminden okap bilersiňiz.