Soňky habarlar

Arhiw

Täze demir ýol köprüsi açyldy

23:5312.10.2022
0
29164
Täze demir ýol köprüsi açyldy
Surat: Türkmenmetbugat

Şu gün Garagum derýasynyň 316-njy kilometrinde akabanyň üstünden geçýän, Gurbangala — Zähmet demir ýol böleginde täze demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy boldy. Bu desgany «Türkmendemirýollary» agentliginiň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 6-njy şahamçasynyň gurluşykçylary gurdular diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Bellenilişi ýaly, demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasynda gurluşykda tapawutly zähmet çeken gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Soňra ýörite bezelen baýramçylyk otly täze demir ýol köprüsinden ilkinji bolup geçdi. Köpriniň Garagum derýasynyň üstünden geçýän böleginiň uzynlygy 250, 750 we 562 metire deňdir. Onuň gurluşygynda Russiýa Federasiýasynyň «Týumenstalmost» kärhanasyndan getirilen, demir ýol gurluşygynda ulanylýan gurluşyk önümleri hem-de Türkmenistanda öndürilen gurluşyk enjamlary peýdalanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň