Soňky habarlar

Arhiw

Futbol boýunça ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň kubogy ― 2023-e gatnaşjak ähli ýygyndylar belli boldy

18:2310.10.2022
0
21517

17 ýaşa çenli ýygyndylaryň arasynda Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyrynyň duşuşyklary tamamlandy. Yklym ýaryşynyň final tapgyry geljek ýylyň 3 ― 20-njy maýy aralygynda geçiriler.

Ýaryşyň final tapgyrynda saýlama bölegiň 10 toparçasynyň ýeňijileri ― Ýaponiýa («A» toparça), Malaýziýa («B» toparça), Katar («С» toparça), Saud Arabystany («D» toparça), Ýemen («E» toparça), Wýetnam («F» toparça), Awstraliýa («G» toparça), Eýran («I» toparça), Täjigistan («H» toparça) we Özbegistan («J» toparça) çykdylar.

Şeýle hem toparçalarda ikinji orny eýelän ýygyndylaryň iň gowy netije görkezen altysy ýaryşyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Olar Koreýa Respublikasynyň («J» toparça), Owganystanyň («H» toparça), Hindistanyň («D» toparça), Tailandyň («F» toparça) we Laosyň («I» toparça) ýygyndylarydyr.

Türkmenistanyň futbol boýunça ýetginjekler ýygyndysy toparçada ikinji orny eýeländigine garamazdan, ýaryşyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanyp bilmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň