Häzirki wagtda Türkmenistanda 7 sany ýokary okuw mekdebi öz işini hojalyk hasaplaşygynda alyp barýar. Bu barada ýurduň Bilim ministrligi tarapyndan «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada nygtaldy.
Olar Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Türkmen döwlet maliýe instituty we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutydyr.
Makalada nygtalyşy ýaly, bu ýokary okuw mekdepleri Türkmenistanyň Prezidentiniň «Käbir ýokary okuw mekdeplerini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek hakynda» Kararyna laýyklykda hojalyk hasaplaşygyna geçirildi.