Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan FIFA-nyň täzelenen reýtinginde ozalky ornuny saklap galdy

19:1106.10.2022
0
15092

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 135-nji orundaky ýerini saklap galdy. Bu barada guramanyň resmi saýty habar berdi.

Türkmen ýygyndysyna 1100,47 utuk berildi. Ýygyndy sanawda Latwiýa bilen Solomon adalarynyň arasynda ýerleşýär.

Türkmenistanly futbolçylar awgust aýyndaky reýting sanawynda hem şu orny eýeleýärdiler.

Dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda milli ýygyndylaryň duşuşyklary üçin çempionatlara berlen arakesmelerde UEFA-nyň Milletler ligasynda 53 duşuşyk, şeýle hem 119 sany ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi. Bu arakesme dünýä çempionatyna gatnaşjak ýygyndylar üçin taýýarlygyň soňky tapgyryna öwrüldi.

Täzelenen reýtingde Merkezi Aziýadan Özbegistan 77-nji, Gyrgyzystan 95-nji, Türkmenistan 135-nji orunlarda galdy. 108-nji orundaky Täjigistan bilen 113-nji orundaky Gazagystan öňki netijesini bir basgançak ýokarlandyrdy.

Sanawyň başyny Braziliýanyň ýygyndysy çekýär. Ikinji orny Belgiýanyň, üçünji orny bolsa Argentinanyň ýygyndylary eýeleýär.

FIFA-nyň reýtingi indi 22-nji dekabrda täzelener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň