Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Ahal» 30 utuklyk sepgide ýeten ilkinji topar boldy

13:2206.10.2022
0
20779
TÝL ― 2022: «Ahal» 30 utuklyk sepgide ýeten ilkinji topar boldy

«Ahal» Ýokary liganyň şu möwsüminde 40 utuklyk sepgide ýeten ilkinji topar boldy. Bu üstünlik 12 duşuşykda gazanylan 10 ýeňiş, 2 deňlikden soň alyndy.

Indi çempionatda 30 utuklyk sepgide iň ýakyn topar 27 utukly «Altyn asyrdyr». Üçünji orundaky «Merwde» bolsa 22 utuk bar.

Ýaryş tertibinde 18 utukly «Köpetdag» dördünji, 16 utukly «Şagadam» bäşinji orny eýeleýär.

Üç topar ― «Aşgabat», «Energetik» we «Nebitçi» bolsa heniz 10 utuklyk sepgide hem ýetmediler. Bu toparlar, degişlilikde, 9, 8 we 6 utugyň eýeleridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň