Soňky habarlar

Arhiw

Andreý Tarkowskiniň «Aýna» filminiň ssenarisi söwdalaşyga çykaryldy

17:3605.10.2022
0
21845
Andreý Tarkowskiniň «Aýna» filminiň ssenarisi söwdalaşyga çykaryldy
Surat: mir24.tv

Ussat rus režissýory Andreý Tarkowskiniň «Aýna» filminiň kinossenarisi «Litfond» auksionynda satuwa çykaryldy diýip, «MIR 24» habar berýär.

Habara görä, söwdalaşyklar 6-njy oktýabrda geçiriler we olarda dürli döwürleriň seýrek neşirleri satylar. Tarkowskiniň maşynda ýazylan kinossenarisine söwdalarda 2 million rubl baha kesildi.

Ssenariniň ýazgysy 1972-nji ýyl bilen senelenýär, ol 76 sahypadan ybarat bolup, soňky sahypalarynda awtoryň eli bilen eden bellikleri hem bar. «Aýna» filmi Andreý Tarkowskiniň 1974-nji ýylda surata düşüren terjimehal kino eseridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň