Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Nebitçi» möwsümdäki ikinji ýeňşini gazandy

23:5404.10.2022
0
19138
TÝL ― 2022: «Nebitçi» möwsümdäki ikinji ýeňşini gazandy

Lukmanyndan başlap, bir tälimçisiniň, dört futbolçysynyň eminden sary kart alan duşuşygynda, eýtdi-beýtdi, «Nebitçi» möwsümdäki ikinji ýeňşini gazanmagyň ýoluny tapdy. Düýn Balkanabat şäherinde geçirilen duşuşykda «Nebitçi» «Aşgabady» 1:0 hasabynda ýeňdi.

12-nji tapgyryň çägindäki duşuşykda ýeke-täk pökgini 11-nji minutda Arslangylyç Nazgylyjow geçirdi. Bu ýeňişden soň utugyny 6-a çykaran «Nebitçi» ýedinji orundaky «Energetige» 2, altynjylykdaky «Aşgabada» 3 utuga çenli ýakynlaşdy.

13-nji tapgyrda «Nebitçi» 8-nji oktýabr güni ýaryş tertibindäki goňşusy «Energetigi» kabul eder. «Aşgabat» bolsa ondan bir gün öz meýdanynda «Altyn asyr» bilen güýç synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň