Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň tennis ýygyndysy Özbegistanda OTÝ geçirer

16:4303.10.2022
0
21416

Türkmenistanyň tennis boýunça milli ýygyndysy Özbegistanyň Daşkent şäherinde iki hepdelik okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Bu türgenleşikler türkmen tennisçileri üçin Dewisiň kubogynyň saýlama tapgyryna taýýarlygyň möhüm bölümleriniň birine öwürler. Biziň ildeşlerimiz saýlama tapgyryň Aziýa we Okeaniýa boýunça IV toparçasyna wekiçilik ederler.

Daşkentdäki türgenleşikleriň dowamynda türkmenistanly tennisçileriň özbegistanly türgenler bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmegine hem garaşylýar.

Okuw ýygnanyşygyna gatnaşmak üçin milli ýygynda Ýuriý Rogusskiý, Meýlis Orazmuhammedow, Gurbanberdi Gurbanberdiýew, Hajy Çaryýew we Atlymyrat Gurbanow dagylar çagyryldy. Topara Miraly Gasanow tälim berýär.

Biziň ildeşlerimiziň gatnaşjak saýlama ýaryşy 17 ― 22-nji oktýabr aralygynda Bahreýniň Madinat-Isa şäherinde geçiriler. Ýaryş 10 ýygyndynyň arasynda bolar. Has takygy, biziň ildeşlerimizden başga-da, Bahreýniň, Butanyň, Kambojanyň, Laosyň, Guamyň, Kuweýtiň, Mongoliýanyň, Singapuryň we Täjigistanyň ýygyndylary ýaryşyň indiki tapgyryna çykmak üçin göreşerler. Ýaryş her birinde bäş ýygyndy bolan kiçi toparlaryň ikisinde geçiriler. Hert topardan iň güýçli ýygyndylaryň ikisi ýaryşyň utulan-çykdy tapgyryna çykar. Ahyrky netijede, sebitden iki ýygyndy indiki ýyl III toparçada çykyş etmäge hukuk gazanar.

Türkmenistanly tennisçiler Dewisiň kubogyna 2004-nji ýyldan bäri gatnaşyp gelýärler. Olaryň bu ýaryşda gazanan iň gowy netijesi 2015-nji ýylda Aziýa we Okeaniýa sebitiniň III toparçasynyň utulan-çykdy tapgyrynda çykyş etmek boldy. Şol ýyldaky ýaryş Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde geçirilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň