Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkiýede uçar petekleriniň satuwyny gaýtadan ýola goýdy

14:2503.10.2022
0
47108
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkiýede  uçar petekleriniň satuwyny gaýtadan ýola goýdy

«Hakim Turizm» syýahatçylyk kompaniýasy tarapyndan wekilçilik edilýän «Türkmenistan» howaýollarynyň Türkiýedäki baş agenti, oktýabr aýy üçin Aşgabat — Stambul we yza gaýdyşyn ugurlary boýunça uçar petekleriniň satuwyna başlady.

Aşgabat — Stambul — Türkmenbaşy ugry boýunça hepdede dört gezek: duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri uçuş amala aşyrylar diýip, syýahatçylyk operatorynyň resmi web sahypasy habar berýär.

Stambul — Türkmenbaşy ugry boýunça (3-nji oktýabrdaky ýagdaýa görä) ekenom klas petegiň bahasy 403 ABŞ dollary bolar. Aşgabat — Stambul ugry boýunça ekenomklas petegiň bahasy hem bir ugra 403 ABŞ dollarydyr. 12 ýaşa çenli çagalar üçin petegiň bahasy 368 ABŞ dollary bolar. Biznes klas petegiň bahasy 703 ABŞ dollarydyr.

Ekonom klas petegini alanlar üçin rugsat berilýän ýüküň agramy 23 kg deňdir.

Uçar peteklerini Türkiýede syýahatçylyk operatory «Hakim Turizmiň» ofislerinde aşakdaky salgylardan satyn alyp bilersiňiz:

  • Türkiýe, Stambul, Mežidiýekýoý, Mecidiyeköy Mah. Lati Lokum Sok. No:4/C, Şişli; Telefon belgisi: +902125229966;
  • Türkiýe, Stambul, Kadykýoý, Rasimpaşa Mah. Söğütlüçeşme Cad. Beyciğim Sk. No:6 Kadıköy;Telefon belgisi: +902163387779;
  • Türkiýe, Stambul, Aksaraý, Kemalpaşa Mah. Selimpaşa Sk. No:42 Fatih;Telefon belgisi: +902125263716;
  • Türkiýe, Stambul, Kyzylaý Telefon belgisi: +903122307501;

«Hakim Turizm» syýahatçylyk operatorynyň Türkiýedäki kömek bölümi: +902125229966 (ýerli wagt bilen 09:00-dan 19:00-a çenli jaň ediň).

Elektron salgysy: bilet@hakimtur.net

Habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa (RF), Kazan (Tatarstan, RF), Maýn boýundaky Frankfurt şäherine (Germaniýa), Minsk (Belarus) we Dubaý (BAE) ýaly şäherlere yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň