Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýapon diline ýöriteleşdirilen bilim ojaklary köpeldiler

11:5403.10.2022
0
13190
Türkmenistanda ýapon diline ýöriteleşdirilen bilim ojaklary köpeldiler

Türkmenistanyň ýokary we orta mekdeplerinde ýapon dilini öwretmek boýunça işler mundan beýläk hem güýçlendiriler. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda ýazylyşy ýaly, bu barada Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Hosoda Hiroýukiniň arasynda geçirilen gepleşiklerde aýdyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda ýaşlaryň ýapon dilini içgin öwrenýändiklerini, ýokary okuw mekdepleriniň 6-synda ýapon dili kafedralarynyň hereket edýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, diňe Aşgabadyň özünde 12 sany mekdepde ýapon dili öwredilýär. Biz bu işleri mundan beýläk-de güýçlendireris diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň