Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: möwsümiň iň uzyn ýeňişli tapgyry tamamlandy

11:1801.10.2022
0
24007

Ýokary liganyň şu möwsümindäki iň uzyn ýeňişli tapgyr 11-nji tapgyrda tamamlandy. Bu üstünlik ýaryş tertibiniň öňdebaryjysy «Ahala» degişlidi.

Iň soňky gezek 2-nji tapgyrda «Altyn asyr» bilen deňme-de oýnan «Ahal» 8 duşuşykdan bäri diňe ýeňiş gazanyp gelýärdi. Ýöne toparyň 11-nji tapgyrda «Şagadam» bilen myhmançylykda deňme-deň oýnandygyny ýatladýarys.

«Ahaldan» soň iň uzyn ýeňişli tapgyra «Köpetdag» eýe bolup bildi. Çempionatda bassyr dört duşuşykda ýeňiş gazanan «Köpetdag» bu tapgyry «Altyn asyrdan» utulyp jemlemeli boldy.

Möwsümde «Altyn asyr» bilen «Merwiň» hersinde bassyr üç ýeňiş bar. Häzirki wagtda «aragatnaşykçylaryň» yzygiderli ýeňiş sanyny 2-ä çykarandygyny görýäris.

Göreliň, «Ahalyň» 8 ýeňişlik tapgyry möwsümde täzelenermikä?

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň