Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda geçiriljek halkara festiwalyň maksatnamasy tassyklanyldy

10:2801.10.2022
0
24010
Türkmenistanda geçiriljek halkara festiwalyň maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Mäm­me­do­wa Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna «Se­net­çi­lik we ama­ly-ha­şam sun­ga­ty dün­ýä halk­la­ry­nyň mi­ra­syn­da» at­ly hal­ka­ra fes­ti­wa­ly ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, şu ýy­lyň 12 — 14-nji okt­ýab­ryn­da ge­çi­ril­jek dö­re­di­ji­lik fo­ru­my­na dün­ýä­niň bir­nä­çe döw­le­ti­niň we­kil­le­ri gat­naş­ma­ga is­leg bil­dir­ýär­ler. Hal­ka­ra fo­ru­myň çäk­le­rin­de dür­li gör­nüş­li me­de­ni çä­re­le­ri ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­niň ga­ra­ma­gy­na «Se­net­çi­lik we ama­ly-ha­şam sun­ga­ty dün­ýä halk­la­ry­nyň mi­ra­syn­da» at­ly hal­ka­ra fes­ti­wa­lyň me­ýil­na­ma­sy hö­dür­le­nil­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­ ha­sa­ba­ty diň­läp, öň­de bol­jak bu hal­ka­ra fes­ti­wa­lyň ýur­du­my­zyň da­şa­ry ýurt­lar bi­len ne­ti­je­li me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry­nyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­jek­di­gi­ni bel­le­di hem-de fo­ru­myň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň