Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Allaberdi Aşirow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýalary institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Allaberdi Aşirowy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti wezipesine saýlamak hakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň umumy ýygnagynyň 2022-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda çykaran 9/2 belgili çözgüdi tassyklanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.