«Tata» Hindistanda iň elýeterli elektrik ulagyny öndürip başlady

14:3129.09.2022
0
18862
«Tata» Hindistanda iň elýeterli elektrik ulagyny öndürip başlady
Surat: financialexpress.com

«Tata Motors» kompaniýasy Delide «Tata Tiago EV» kysymly elektrik hetçbegi bilen tanyşdyrdy, onuň bahasy 849 müň rupiýa deňdir. Bu barada «Reuters» habar berdi.

Bir gezek güýç berlende, täze ulag 250 kilometre çenli hereket edip bilýär. Onuň iň gymmat kysymynyň güýji 315 kilometre ýetýär.

«Tata» ykjam elektrik ulagynyň önümçiligine çykdajylaryň onuň benzinde işleýän görnüşinden ýedi esse az boljakdygyna garaşýar, ulagyň benzinde işleýän görnüşi hem ýerli bazara çykaryldy.

2021-nji ýylda «Tata» elektrik ulaglaryny işläp taýýarlamaga we öndürmäge 1 mlrd dollar maýa goýdy. 2026-njy ýylda kompaniýa elektrik hereketlendirijide işleýän ulaglaryň 10 kysymyny çykarmagy meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň