Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow harby gullukçylary sylaglamak baradaky Permanlara gol çekdi

22:1528.09.2022
0
27956
Serdar Berdimuhamedow harby gullukçylary sylaglamak baradaky Permanlara gol çekdi

Şu gün ir bilen Oguz han köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa dabaraly çäräniň geçirilmegine taýýarlyk barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty kabul edip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenmek bilen, Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzüminiň dabaraly harby ýörişi geçip, Bitarap Türkmenistanyň goranyş kuwwatynyň kämilligini, Ýaragly Güýçleriň ýokary taýýarlygyny ýene bir gezek görkezendigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygyň 31 ýyllygy mynasybetli, şeýle-de ýurduň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini üpjün etmäge uly şahsy goşant goşan harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny, harby gullukçylaryny we işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek barada karara gelendigini hem-de degişli Permanlara gol çekendigini aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň degişli Permanlaryny okady. Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň käbir agzalaryna döwlet sylagyny, nobatdaky ýörite harby adyny, hünär derejesini berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa berýän ünsi we ýokary ynamy üçin hoşallyk bildirip, gulluk borçlaryny birkemsiz berjaý etmekde mundan beýläk-de ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Prezident Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşanlary döwlet sylaglaryna mynasyp bolmaklary hem-de Garaşsyzlyk baýramy bilen ýene bir ýola gutlap, olara berk jan saglygyny, rowaçlygy, halkyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri hem-de maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

***

Şeýle-de şu gün Aşgabadyň «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda hem-de ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň degişli Permanlaryna laýyklykda, harby gullukçylary döwlet sylaglary, nobatdaky harby we ýörite atlary, hünär derejeleri bilen sylaglamak dabaralary geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň