Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk at çapyşygy geçirildi

21:4128.09.2022
0
29161
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk at çapyşygy geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli Aşgabadyň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. Oňa şeýle-de ýurduň Hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň we pudaklaýyn edaralaryň, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşulular hem-de beýleki raýatlar gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabaralary bilen utgaşan çäräniň dowamynda ýurduň aýdym-saz ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary ýaňlandy. Bu ýerde türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň sergisi hem guraldy.

Ýedi çapyşykdan ybarat bolan ýaryşlarda üç ýaşar, dört hem-de uly ýaşar bedewler 1600, 1800 hem-de 2200 metr aralyga ýaryşdylar. Her çapyşykda iň ýokary netijäni görkezip ýeňiji bolan bedewlere ýurduň pudaklaýyn edaralarynyň, jemleýji çapyşykda ýeňiş gazanan bedewe bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy gowşuryldy.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet toplumynyň baýragyny almak ugrunda geçirilen 1-nji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli Döwran atly dor bedew ýeňiji bolmagy başardy. Ol 1600 metr aralygy 1 minut 48,2 sekuntda geçmegi başardy. Onuň seýsi Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary Orazmyrat Annalyýew bolup, ony çapyksuwar Orazgeldi Amangeldiýew çapdy.

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň baýragyny almak ugrunda geçirilen 2-nji çapyşykda Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine degişli bolan Bäsleşik atly dor at pellehana ilkinji bolup geldi. Ol 1600 metr aralygy 1 minut 50,5 sekuntda geçdi. Onuň seýsi ussat seýis Toýly Öwezow, çapyksuwary bolsa Öwezmyrat Ýalkabowdyr.

1600 metr aralyga Türkmenistanyň Söwda toplumynyň baýragyny almak ugrunda geçirilen 3-nji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Günaý atly dor gysrak öňe saýlanmagy başardy. Onuň seýsi Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary Orazmyrat Annalyýew, Çapyksuwary bolsa Mergen Kiçigulow. Günaý bellenilen aralygy 1 minut 49,4 sekuntda geçmegi başardy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baýragyny almak ugrunda dört we uly ýaşar atlaryň arasynda 1800 metr aralyga geçirilen 4-nji çapyşykda çapyşykda «Türkmenaragatnaşyk» agentligine degişli bolan Ýantar atly dor at pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Onuň seýsi ussat seýis Aýmyrat Meredalyýew, çapyksuwary bolsa Döwran Berdimämmedow. Ýantar bellenilen aralygy 2 minut 05,8 sekuntda geçmegi başardy.

Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň baýragyny almak ugrunda geçirilen 5-nji çapyşykda bolsa 1800 metr aralyga geçirilen ýaryşda pellehana ilkinji bolup, Türkmenistayň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Nowruz atly dor at gelmegi başardy. Nowruz bellenilen aralygy 2 minut 02,0 sekuntda geçmegi başardy. Onuň seýsi Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Şirmyrat Agamyradow, çapyksuwary bolsa Gahryman Begliýewdir.

Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň baýragyny almak ugrunda dört we uly ýaşar atlaryň arasynda 2200 metr aralyga geçirilen 6-njy çapyşykda Aşgabat şäher häkimligine degişli bolan Ýagmyr atly dor at pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Onuň seýsi Bäşim Muhammedow, çapyksuwary ussat çapyksuwar Baýnazar Begliýew. Ýagmyr bellenilen aralygy 2 minut 36,2 sekuntda geçmegi başardy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy ugrunda 2200 metr aralyga dört we uly ýaşar atlaryň arasynda geçirilen jemleýji, ýagny 7-nji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Bezirgen atly akýal mele at pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Onuň seýsi Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Maksat Agamyradow, çapyksuwary bolsa ussat çapyksuwar Begençmyrat Agamyradow. Bezirgen bellenilen aralygy 2 minut 31,3 sekuntda geçmegi başardy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk toýy mynasybetli geçirilen baýramçylyk at çapyşygynyň altysynda ýeňiji bolan çapyksuwarlara 100 000 müň manat, jemleýji 7-nji çapyşykda ýeňiji bolan çapyksuwara bolsa 300 000 manat pul sylaglary we kubok gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň