Neýmar 13 oýunda 12 gol urdy we 10 golly pas berdi

17:0928.09.2022
0
17106

Braziliýaly hüjümçi Neýmaryň bu möwsümde hörpi diýseň belent. Oýunçy öz çykyş edýän toparynyň we milli ýygyndysynyň düzüminde umumylykda 13 oýunda meýdança çykyp, 12 gol urdy we 10 gezek golly pas geçirdi.

Şeýle-de ol düýn agşam Braziliýanyň milli ýygyndysynyň Tunise garşy geçiren ýoldaşlyk duşuşygynyň 29-njy minutynda penaltini dürs ýerine ýetirdi. Şeýlelikde, Neýmaryň Braziliýanyň milli ýygyndysynyň lybasynda uran gollarynyň sany 75-e ýetdi we ol bu barada diňe Peleden (77 gol) yzda barýar. Neýmaryň heniz 30 ýaşynsadygyny hasaba alsak, ol futbolyň şasy bolan Peleniň bu ugurdaky rekordyny uly tapawut bilen täzeläp biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň