Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar. Owganystanyň Hökümetiniň Başlygy Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahund öz hatynda owgan-türkmen dostluk gatnaşyklaryna we strategik hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berýär.
Türkmen metbugatynda habar berlişi ýaly, gutlag hatynda, hususan-da, şeýle ýazylýar:
— Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna hem-de hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasaty alyp barmak bilen, dostlukly ýurt hökmünde Owganystany hemişe goldaýar. Owganystan dostlukly ýurduň eýeleýän oňyn ornuny goldaýar we iki goňşy döwletiň arasynda dürli ulgamlardaky ýokary derejedäki gatnaşyklary işjeňleşdirmegi hem-de pugtalandyrmagy ugur edinýär.
Soňky ýylyň içinde biz syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda düýpli ikitaraplaýyn üstünlikleriň şaýady bolduk. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary, demir ýollar ulgamy ýaly bilelikdäki ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek işleri üstünlikli ilerledilýär. Owganystanyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary dostlukly Türkmenistanyň degişli düzümleri bilen ýokarda görkezilen taslamalary üstünlikli amala aşyrmak üçin ýakyndan hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklaýarlar.