Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýa öňki Premýer-ministr Sindzo Abe bilen hoşlaşdy

12:0228.09.2022
0
14344
Ýaponiýa öňki Premýer-ministr Sindzo Abe bilen hoşlaşdy
Surat: m24.ru

Ýaponiýada düýn öňki Premýer-ministr Sindzo Abeniň jesedini topraga bermek matam çäresi boldy.

Hoşlaşyk ýeri hökmünde Imperator köşgünden uzakda bolmadyk «Nippon Budokan» söweş sungatlary zaly saýlanyp alyndy, ol ýere bütin dünýäden dört müňden gowrak myhman – parlamentariler, Hökümet başlyklary we döwlet Baştutanlary ýygnandylar. Olaryň arasynda ABŞ-nyň wise-Prezidenti Kamala Harris we Beýik Britaniýanyň öňki Premýer-ministri Tereza Meý bar. Myhmanlar gynanç bildirip, çykyş etdiler.

Merhum Sindzo Abe özüni syýasatçylyk işine çagalykdan taýýarlady, ol DIM-niň başlygy bolan işlän kakasynyň kätibi bolup işe başlap, Ýaponiýanyň taryhynda iň ýaş Premýer-ministr bolmagy başardy.

Abe dört möhletde, sekiz ýyllap ýurdy dolandyrdy hem-de ýapon ykdysadyýetini galkyndyrmagy başardy, onuň döwründe durmuş maksatly binalaryň köpüsi guruldy, tebigy heläkçiliklerden ejir çeken sebitler dikeldildi, telekeçiler üçin salgytlar azaldyldy, maýa goýumlary köpeldildi.

Ol söhbetdeşlerini diňlemegi başarýardy, Premýer-ministr wezipesinde dünýäniň köp syýasy ýolbaşçylary bilen dostlarça gatnaşmagy başardy.

Şu ýylyň 8-nji iýulynda Ýaponiýada Sindzo Abeniň janyna kast edildi, ol saýlawçylar bilen duşuşýarka, öňki harby deňizçi tarapyndan atylyp öldürildi.

Janyna kast edilenden dört günden soňra Tokiodaky buddizm ybadathanasynda onuň bilen hoşlaşyk matam çäresi geçirildi, emma jesedi topraga tabşyrmaga welin howlukmadylar. Abe üçin döwlet derejesinde ýerleniş çäresini geçirmek islediler. Emma ýaponlar muňa garşy bolup, köpçülikleýin çykyşlary guradylar.

Ýurtda ýüzlerçe adam Abe bilen dabaraly hoşlaşyk guramagyň garşysyna çykyşlary guradylar. Döwlet ýerleniş çäresi Ýaponiýa üçin seýrek wakadyr, olar diňe imperatorlar üçin guralýar.

Abeniň topraga berliş matam çäresine sarp edilen maliýe çykdajylary 12 million amerikan dollaryna deň boldy diýip, ýurduň habar beriş serişdeleri ýazýar. Bu barada «Mir24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň