Arhiw

Höwesjeň altyn almak üçin 200 smartfony sökdi

13:0026.09.2022
0
16482
Höwesjeň altyn almak üçin 200 smartfony sökdi
Surat: ixbt.com

Hytaýyň «Weibo» sosial ulgamynyň «Chef Alchemist» lakamly ulanyjysy näçe altyn alyp boljakdygyny anyklamak üçin, 210 sany smartfony bölekledi. Emma onuň synaga eden çykdajysy alnan netijeden gymmat boldy diýip, «My Drivers» neşiri ýazýar.

Smartfonlaryň platasyndaky kiçigurluşlardan altyn almak üçin «Chef Alchemist» birnäçe dowamly himiki synaglary geçirdi. Ahyrky netijede oňa bary-ýogy 0,41 gram altyn almak başartdy, bazarda onuň bahasy takmynan 30 amerikan dollaryna deňdir, emma şunda bir platany satyn almak üçin synagçy 315 amerikan dollaryny harçlady.

Senetçilik şertlerinde altyny kiçigurluşlardan almagyň düýbünden peýdasyzdygyna garamazdan, «My Drivers» neşiri elektron zibili kärhana derejesinde gaýtadan işlemegiň iňňän bähbitli bolup biljekdigini ýazýar. Hytaý žurnalistleriniň hasaplamalaryna görä, 1 million platadan 16 tonna mis, 350 kilogram kümüş, 34 kilogram altyn we 15 kilogramdan gowrak palladiý alyp bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň