Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatda täze kottejler toplumy ulanylmaga berildi

16:3825.09.2022
0
38789

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygynyň öň ýanynda Türkmenabat şäherinde kottejler toplumy ulanylmaga tabşyryldy. Täze toplumyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli guralan dabara öýleriň eýelerinden başga-da, welaýat merkeziniň ýaşaýjylary, il sylagly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, kärhanalaryň we edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

Toplumy üç gurluşyk guramasy — demir-beton konstruksiýalarynyň kärhanasy, Türkmenabadyň demir-beton önümleri zawody we Zergeriň demir-beton önümleri kärhanasy gurdular. Däp bolşy ýaly, dabaranyň dowamynda tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy diýip, «Jeyhunnews» habar berdi.

Hersinde bäş otag bolan ýüz sany kottej jaýlar ýigrimi iki sany dört gatly jaýdan, iki we bir gatly jaýlardan durýan ýaşaýyş toplumynyň üstüni ýetirdi.

Çeşmäniň berýän habaryna görä, Türmenabadyň halkara howa menziline barýan ýoluň iki tarapyny dört we iki gatly jaýlar gurşap alýarlar. Birnäçe ýaşaýyş jaý toplumlarynyň emele gelmegi bilen, bu ýerde durmuşy binalar hem peýda boldy. Kottejler toplumynyň merkezinde täze supermarket açyldy we öňki bar söwda nokatlarynyň üstüni ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň