Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň raýatlaryna döwlet sylaglary gowşuryldy

22:0024.09.2022
0
36748

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 23-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynda gol çeken degişli Permanyna laýyklykda, ýurduň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli, şu gün dürli ulgamlarda zähmet çekýän hem-de aýratyn işjeňlik görkezýän, jemgyýetçilik durmuşynda öňdebaryjy raýatlar döwlet sylaglary, hormatly atlar bilen sylaglandylar. Sylaglary gowşurmak bilen baglylykda, ýurduň welaýat merkezlerinde we toplumlarda dabaraly çäreler guraldy.

Şeýle-de şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerine Şa serpaýlary gowşuryldy. Sylaglar gowşurylandan soňra bu ýerde sungat ussatlary aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen bu dabaralar ýurtda päk zähmete belent sarpa goýulýandygynyň nobatdaky aýdyň mysallary boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň