Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Roza Gül» bagy abadanlaşdyrmak üçin gülleriň we bezeg ösümlikleriniň baý görnüşlerini hödürleýär

09:5024.09.2022
0
17607

Bagyny ýa-da öýüniň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak üçin her kim öz usulyny saýlaýar: käbirleri miweli ekinleri, käbirleri pürli we ýaprakly gyrymsy agaçlary ekýärler, beýlekileri bolsa dürli ösümlikleri ulanyp, özboluşly bezeg döredýärler.

«Roza Gül» dükanlar zynjyrynyň gülçi-hünärmenleri agaçlary oturtmak boýunça täsin usullary maslahat berýärler.

Mysal üçin, gül bagyňyzy has ýagty we owadan etmek üçin pionlary, narsissleri, petuniýalary, amaryllisleri, krokuslary, giaasintleri, liliýalary, irisleri, bägülleri, gladioluslary ekip bilersiňiz.

Orta ölçegli (30-dan 80 santimetre çenli) köpýyllyk ösümlikler islendik bagda (şalfeý, geran, gerbera, bag çopantelpegi) tapylýarlar hem-de çydamlylygy we bezeg täsiri bilen tapawutlanýarlar. Olar bilen haly düşeklerini, telärleri (besedka), ýollary, ýol çäklerini, rokarinleri bezemek mümkindir.

«Roza Gülüň» hünärmenleriniň pikiriçe, bagbançylyk ekinleri saýlanylanda köp sanly faktorlar göz öňünde tutulmalydyr, has takygy: howa şertleri, topragyň hasyllylygy, kölegelilik.

Dükanyň hödürleýän görnüşleriniň hatarynda özboluşly bezeg ösümlikleriniň we gyrymsy agaçlaryň dürli görnüşleri bar, olar bagyň abadanlaşdyrylyşyny tebigy we organiki taýdan doldurýarlar, şolaryň arasynda: hytaý bägüli, siren, bonsaý, monstera, drasena, limon agajy, hytaý arçasy, sosna we serwi agaçlary bar.

Olaryň ajaýyp keşbi bar, owadan kompozisiýalary döretmäge mümkinçilik berýärler ýa-da janly haýat hökmünde ulanylýarlar.

«Roza Gülüň» gülçüleri Türkmenistanda iň köp isleg bildirilýän ösümliklere üns bermegi maslahat berýärler:

  • Çigildemler – dürli reňk öwüşginlerinde, boýy 40 sm-den geçmeýär, ýazda gülleýär, ýönekeý we irki köp gülli görnüşlere degişlidir.
  • Giasint – liliýalar maşgalasyna degişlidir, boýy 15-25 sm, Merkezi Aziýada, Eýranda, Siriýada giňden ýaýran. Mart aýynyň başynda gülleýär, gür çogdama ýygnanan goýy benewşe, gök şahajyklary bolýar.
  • Zagpyran ýa-da krokus – owadan irki bahar güli, näzik mämişi-sary ýa-da açyk gök reňkde bolýar we 80 görnüşden ybaratdyr.

«Zagpyrandyr bagy-bossan...» diýip XVIII asyrda türkmen poeziýasynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy ýazyp geçipdir.

  • Muskarlar – beýikligi 20 santimetre ýetýän, düýbi soganyňka meňzeş owadan ösümlikler, köp sanly çyzykly ýapraklary, mawy, gök, benewşe gülleri bolýar, güllände üzüm hoşasyny ýatladýar.
  • Pionlar – bagda ösdürmek üçin iň meşhur köpýyllyk ösümlik, dogry ideg edilende hoşboý ysly gülleri onlarça ýyllap ýaşaýarlar we güneşli ýeri gowy görýärler. Güýz pasly ýyly sebitlerde pion ekmek üçin iň amatly wagt hasaplanylýar.
  • Gelenium – ýokary bezeg aýratynlygyna eýedir we gyşa çydamlydyr, boýy 1,6 metre ýetýär, iri gyzyl we sary gülleri tomusda açylýar.
  • Armeriýa – kellejik şekilli güli gülgüne, melewşe ýa-da ak reňkli täçjagazlardan ybarat, boýy 35 santimetre ýetýär, ýumşak topragy we Güni gowy görýär.
  • Hrizantema – olaryň boýy 40-dan 100 santimetre çenli ýetýär, ownuk kökleri sebäpli, esasanam aşa yssyda ýygy-ýygydan suwarmagy talap edýär. Tomusyň ahyrynda ýa-da güýzüň başynda gülleýär, ýyladyşhanada yşyklandyryşa gözegçilik edip, güllemegini dolandyryp bolýar.

Otag üçin bezeg gülleriniň we bak-köçe ösümlikleriniň baý görnüşleri Aşgabat boýunça mugt eltip bermek hyzmaty bilen «Roza Gül» dükanynda elýeterlidir, dükanyň salgysy: Azady köçesi, 85, telefon: (+993 12) 93 27 42. Sargydy Türkmenistanyň hemme ýerinde eltip bermek hyzmaty bilen hem resmileşdirmek mümkindir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň