Balkanabat şäherinde täze ýaşaýyş jaýlary açyldy

09:3423.09.2022
0
19605
Balkanabat şäherinde täze ýaşaýyş jaýlary açyldy
Surat: Türkmenmetbugat

22-nji sentýabrda Balkanabat şäherinde her biri 40 hojalyga niýetlenen dört gatly, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy. Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň düzümleriniň işgärleri üçin gurlan täze jaýlar Garaşsyzlygyň 31 ýyllyk toýy mynasybetli açyldy.

Türkmen metbugatynda habar berlişi ýaly, ähli döwrebap şertler döredilen jaýlaryň gurluşygyny Balkanabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Türkmenabat şäherindäki Demir-beton önümleri kärhanasynyň hünärmenleri ýerine ýetirdiler. Daş-töweregi kemsiz abadanlaşdyrylan täze ýaşaýyş jaýlary üç we dört otagly öýlerden ybarat. Ýeri gelende aýtsak, bu ajaýyp künjekde ýakyn geljekde ýaşaýyş jaýlarynyň umumy sany 32-ä ýetiriler. Bu ýerde bina ediljek täze mekdepdir çagalar baglary, saglyk öýi, söwda merkezi we beýleki desgalar balkanabatlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň