Soňky habarlar

Arhiw

Lawrow Aşgabadyň Hazarýaka ýurtlar bilen gatnaşyklarda tutýan ornuna ýokary baha berdi

10:1123.09.2022
0
14520

Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow «Международная жизнь» («Halkara durmuşy») žurnalynda çap edilen «Каспий — уникальный регион добрососедства» («Hazar — hoşniýetli goňşuçylygyň özboluşly sebiti») atly makalasynda Hazarýaka ýurtlaryň — Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň hem-de Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşine ýokary baha berdi.

Russiýanyň DIM-niň habar berşi ýaly, Lawrowyň pikirine görä, üns merkezinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň institutlaşdyrylmagynyň mowzugy saklanmalydyr, bu iş eýýäm ýeterlik üstünlige eýe bolýar: sebitiň döwletleriniň Baştutanlarynyň arasynda yzygiderli duşuşyklaryň däbi ýola goýuldy.

Russiýanyň daşary işler ministri şunda Hökümet baştutanlarynyň derejesindäki Hazar ykdysady forumynyň möhüm gural bolup durýandygyny belledi, onuň ilkinji ýygnagy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylda geçirildi. Şu ýylyň oktýabrynda bolsa Moskwada ikinji forum geçer, ol rus tarapynyň pikirine görä, Hazar hyzmatdaşlygynyň söwda-ykdysady ugurlaryna täze itergi berer.

Lawrow şeýle-de Türkmenistanda geçen altynjy Hazar sammitinde möhüm başlangyçlaryň öňe sürülendigini ýatlatdy, olaryň hatarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Işewürlik hyzmatdaşlygy geňeşini döretmek başlangyjy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň