Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli gutlady

09:2922.09.2022
0
15981
Özbegistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli gutlady
Surat: president.uz

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli gyzgyn gutlady. Gutlag «Türkmenistan» gazetinde çap edildi. Onda şeýle sözler bar:

— Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de Siziň Alyhezretiňize uly kanagatlanma bilen hoş niýetli arzuwlarymy ýollaýaryn.

Sizi asylly ogul, dostlukly türkmen halkynyň beýik ynamyna, hormatyna mynasyp hakyky Lider hökmünde gowy tanaýarys we hormat goýýarys. Türkmenistanyň Baştutany hökmünde Siziň öňe sürýän sebit hem-de ählumumy ähmiýetli başlangyçlaryňyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýandygy aýratyn kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Şu ýylyň iýun aýynda ýurdumyza amala aşyran döwlet saparyňyzy we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerinde geçiren gepleşiklerimizi ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Biz bilelikdäki tutanýerli tagallalarymyz hem-de geljekde geçirjek ýokary derejedäki duşuşyklarymyz esasynda soňky ýyllarda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, strategik hyzmatdaşlyk ruhunda barha pugtalanýan yzygiderli gatnaşyklarymyzy has-da ösdürip bileris.

Pursatdan peýdalanyp, Sizi durmuşyňyzdaky bu unudylmajak şatlykly sene bilen ýene bir gezek gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işleriňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň