Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açylýar

16:5719.09.2022
0
31634

Ertir Aşgabat şäherinde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady ösüşiň gazananlarynyň sergisi açylar.

Sergide ýurduň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda gazanylan üstünlikler, döwlet we hususy düzümleriň önümleri görkeziler. Şeýle-de serginiň çäklerinde täze önümler, maýa goýum taslamalary, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda geljekki uly ösüş maksatnamalary bilen tanyşdyrmak boýunça çäreleri guramak göz öňünde tutulýar.

Ýeri gelende bellesek, bu sergi Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistanda geçiriljek giň gerimli çäreleriň biridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň