Türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazow Gonkongyň Premýer ligasynyň 2022/23-nji ýyllaryň möwsümindäki ilkinji goluny geçirdi.
30 ýaşly futbolçy toparynyň «Samýoýpou» bilen bolan duşuşygynyň (10:0) 73-nji minudynda tapawutlandy.
Ruslan Mingazowyň Gonkongyň «Kitçi» toparynda şu ýylyň mart aýyndan bäri futbol oýnap gelýändigini ýatladýarys.
Şeýlelikde, türkmenistanly ýarym goragçy Gonkongyň çempionatyndaky ilkinji resmi duşuşygyny geçirdi. Ol «Kitçiniň» düzüminde ilkinji resmi duşuşygyna şu ýylyň 16-njy aprelinde AFK-nyň Çempionlar ligasynda «Çiangraý Ýunaýtediň» garşysyna çykdy.