Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti bilimi özgertmek boýunça sammite gatnaşýar

13:0117.09.2022
0
28407

16 — 19-njy sentýabr aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreş tarapyndan çagyrylan «Bilimi özgertmek boýunça sammitine» gatnaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň wekiliýeti ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde bolýar.

Bu maslahatyň bütin dünýäde bilimi kämileşdirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem pandemiýa sebäpli ýüze çykýan kynçylyklary ýeňip geçmäge gönükdirilendigini bellemek gerek. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Bu çärä BMG-na agza döwletler, BMG-niň institutlary, halkara guramalar we agentlikler, alymlar we hünärmenler, raýat jemgyýeti, dürli gaznalar, birleşikler, şeýle hem hususy pudagyň wekilleri gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň wekilleri «Bilimi özgertmek boýunça sammitiň» birnäçe mejlisine, şeýle hem onuň bilimi sanly ulgama geçirmek baradaky jemleýji sessiýasyna gatnaşar.

Şu ýylyň iýun — awgust aýlarynda Türkmenistanyň hökümetiniň ÝUNISEF we ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda Sammite taýýarlyk görmek üçin bilim ulgamyny özgertmek boýunça birnäçe milli maslahatlary geçirendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň