Soňky habarlar

Arhiw

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasy açyldy

10:0815.09.2022
0
17232
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasy açyldy
Surat: belta.by

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasy Nýu-Ýork şäherinde badalga aldy diýip, TASS habar berdi.

Ýylyň dowamynda sessiýada howanyň üýtgemegi, koronawirus ýokanjyna we beýleki ýokançlara garşy göreş, ösýän ýurtlaryň bergileri, häzirki zaman gapma-garşylyklary, şeýle-de durnukly ösüş meseleleri ýaly mowzuklara garalar.

Häzirki wagtda diplomatlar gün tertibini tassyklamaly bolarlar, ýygnaklaryň tertipnamasyny işläp düzerler. Wekilçilikli toparlaryň ygtyýarlylyklaryny paýlarlar we iş geňeşlerini dörederler. Eýýäm döwlet we hökümet Baştutanlarydyr daşary işler ministrleriniň gatnaşjak ýokary derejeli hepdeliginiň 20-26-njy sentýabr aralygynda geçjekdigi belli diýip, «Belta.by» belarus saýty ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň