Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Ärdogana ynanç hatyny gowşurdy

22:0814.09.2022
0
14329
Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Ärdogana ynanç hatyny gowşurdy
Surat: tccb.gov.tr

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasynda täze bellenilen ilçisi Mekan Işangulyýew şu gün Prezident köşkler toplumynda türk Lideri Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan kabul edildi. Ilçi Prezidente ynanç hatyny gowşurdy.

Türk Lideriniň Metbugat gullugynyň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda türkmen-türk gatnaşyklary dogrusynda pikir alşyldy. Türkmen ilçisi iki ýurduň arasynda ýola goýlan köp asyrlyk dostluk gatnaşyklaryny we häzirki döwürde täze derejelere çykýan strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyna ynandyrdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 9-njy iýulynda gol çeken resminamasyna laýyklykda, Mekan Işangulyýew Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Ankara şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. M.Işangulyýew bu wezipä bellenmezden ozal, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçisi wezipesini ýerine ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň