Aşgabatda «Güýz anbary» atly konsert geçiriler

17:1512.09.2022
0
33965

2-nji oktýabrda Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary «Güýz anbarynyň» ajaýyp ysyndan lezzet alarlar. Şol gün Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň konserti bolar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar berşi ýaly, konsertiň drižýorlary «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Döwletmämmet Ökdirow bilen Eziz Jumanyýazow bolar. Fortepianoda Röwşen Nepesowyň özi oturar.

Konsertiň maksatnamasyna Röwşen Nepesowyň döreden eserleri we nusgawy eserler girizildi.

Aýdymlary Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Selbi Annadurdyýewa we «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Leýli Ökdirowa dagylar ýerine ýetirer.

Petekler boýunça şu telefon belgileri bilen habarlaşyp bilersiňiz: (+993 64) 05 53 30, (+993 61) 72 78 63, (+993 63) 36 92 59.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň