Graham Potter «Çelsiniň» täze baş tälimçisi boldy

23:0608.09.2022
0
11432

«Çelsi» Graham Potteri baş tälimçi edip belledi.

Klub az wagt mundan ozal resmi saýtynda iňlis hünärmeni bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşylandygyny habar berdi.

Potter öň «Braýtonda» işleýärdi. Ol bu topara 2019-njy ýylyň maý aýyndan bäri ýolbaşçylyk edýärdi. «Çelsiniň» 10 million ýewro möçberinde öwez tölegini tölemeli boljakdygy habar berildi.

Düýn «Çelsi» Tomas Tuhel bilen hyzmatdaşlygyň bes edilendigini habar berdi. Ol 2021-nji ýylyň ýanwaryndan bäri klubda işleýärdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň