Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

05:2808.09.2022
0
5927

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Žurnalyň bu gezekki sany Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 23-nji aprelinde geçirilen Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitindäki çykyşy bilen açylýar. Şeýle-de žurnalda şu ýylyň 1-2-nji iýunynda türkmen döwletiniň Baştutanynyň umra hajyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran sapary baradaky makala ýerleşdirilipdir.

Birnäçe makalalar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna we Eýran Yslam Respublikasyna bolan resmi saparlaryna, şeýle-de Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyna bagyşlanandyr.

Žurnalda ýerleşdirilen makalalaryň biri Türkmenistanyň Prezidentiniň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, iýul aýynda Aşgabada sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygyna bagyşlanypdyr.

29-njy iýunda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitine bagyşlanan makalada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy getirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy Hazar meseleleriniň tutuş toplumyny öz içine alyp, onda uzak geljegi nazarlaýan bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça birnäçe teklipler beýan edildi.

Beýleki bir makalada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 21-nji iýulda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygyna gatnaşandygy barada gürrüň berilýär.

«Aşgabat formaty — parlamentara hyzmatdaşlygyň täze görnüşi» ady bilen çap edilen makala şu ýylyň ikinji çärýeginiň uly ähmiýetli iki wakasyna — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen türkmen paýtagtynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna bagyşlanypdyr. Makalada Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň netijeleriniň gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalarda, şeýle-de Aşgabat Jarnamasynda öz beýanyny tapandygy bellenilýär.

Türkmenistan üçin dostlukly ýurtlar hasaplanýan Özbegistan Respublikasynyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna, şeýle-de altynjy Hazar sammitine, Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli bitaraplyk syýasatyna, parlamentara hyzmatdaşlyga, jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň eýeleýän ornuna bagyşlanyp, žurnalda çap edilen, daşary döwletleriň we ýurdumyzyň awtorlarynyň makalalary hem okyjylar üçin gyzykly bolar.

«Diplomatik durmuşyň senenamasy» atly makalalar toplumynda 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginiň wakalary wagt yzygiderliliginde beýan edilýär. Olaryň hatarynda ikitaraplaýyn, şol sanda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyklar, gepleşikler, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeler, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň iri sebit we halkara guramalar tarapyndan geçirilen forumlara gatnaşandyklary baradaky makalalar bar. Žurnalyň nobatdaky sany degişli resminamalar toplumy bilen jemlenýär.

Umuman, türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän žurnalyň nobatdaky sanynyň mazmuny Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurtda durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň ileri tutulýan wezipelerini we esasy maksatlaryny açyp görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň