Şu gün Almaty şäherinde däbe öwrülen KazBuild halkara gurluşyk we inerýer sergisi öz işine başlady. 9-njy sentýabra çenli dowam etjek çäre «Atakent» sergi toplumynda geçirilýär.
Gazagystanyň ýylyň dowamynda iň iň gerimde geçirýän sergileriniň biri bolan KazBuild ― 2022-ä ýurdumyzdan «Döwletli-Döwran» kärhanasy wekilçilik edýär.
«Döwletli-Döwran» öz işlerini Lebap welaýatynda alyp barýar. Bu ýerde ispan, italýan we ýapon tehnikalary ornaşdyrylan, bir gije-gündizde 550 tonna önümi gaýtadan işläp, 200 müňe çenli kerpiç öndürip bilýän kuwwatly kärhana işledilýär.
2006-njy ýylda Hojambaz etrabynda düýbi tutulan «Döwletli-Döwran» kärhanasy geçen ýyllarda, esasan, kerpiç önümçiligi bilen meşgullandy. 2020-nji ýylda Halaç etrabynyň çäginde açylan keramiki kerpiç öndürýän döwrebap kärhana «Döwletli-Döwranyň» işindäki täze sahypa öwrüldi.
Kärhananyň wekilleri Gazagystandaky sergide 6 reňkdäki klinker kerpiçlerini görkezýärler.
Ýeri gelende aýtsak, halkara sergä 21 döwletden 150-den gowrak kompaniýanyň wekilleri gatnaşýar.