Şu gün futbol boýunça Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň täze möwsümine badalga berler. Duşuşyklar Dortmundyň «Borussiýasy» bilen «Kopengageniň» hem-de «Dinamo» (Zagreb) ― «Çelsi» duşuşyklary bilen başlar.
Germaniýada we Horwatiýada boljak bu duşuşyklar Aşgabat wagty bilen agşam sagat 21:30-da başlanar.
Duşuşyklara Türkmenistanda «Матч ТВ», «Футбол 1», «Футбол 2», «Футбол 3» teleýaýlymlary we Horjun TV onlaýn platformasy arkaly tomaşa edip bolar.
Haýsy duşuşyk, haýsy ýaýlymda?:
«МАТЧ ТВ»
- 21:30. «Dinamo» (Zagreb) – «Çelsi»;
- 23:45. PSŽ – «Ýuwentus».
«Матч Футбол 1»
- 21:30. «Borussiýa» (Dortmund) – «Kopengagen»;
- 23:45. «Seltik» – «Real Madrid»;
«Матч Футбол 2»
- 23:45. «Sewilýa» – «Mançester Siti» (Англия).
«Матч Футбол 3»
23:45. «RB Zalsburg» – «Milan».