Ilçi Hemra Amannazarow ÝHHG-nyň Baş sekretaryna ynanç hatlaryny gowşurdy

21:1905.09.2022
0
16673

Türkmenistanyň Ýewropadaky Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (OSCEHHG) wekiliýetiniň täze başlygy Hemra Amannazarow bu guramanyň Baş sekretary Helga Mariýa Şmide ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada Awstriýadaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen bu guramanyň arasynda Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny öňe sürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy we ÝHHG-nyň ýarag gözegçiligi, ykdysadyýet, ekologiýa, adam hukuklaryny öňe sürmek, erkinlik babatynda ähmiýeti barada netijeli pikir alyşyldy.

Şu ýylda Türkmenistan we ÝHHG hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyny belleýär. 1992-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistan ÝHHG-nyň esaslandyryjy resminamasy bolan Helsinki jemleýji kanunyna gol çekdi we üç ýyldan soň Howpsuzlyk Guramasyna öwrülen Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk Maslahatyna agza boldy.

2022-nji ýylyň iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen Hemra Amannazarowyň Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçisi wezipesine bellenendigini ýatladýarys. Degişli Kararda oňa adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi diplomatik derejesi berildi. Awgust aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky (Wena şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hemra

Sapargylyjewiç Amannazarow, şol bir wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Hemişelik wekili; BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili; Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň baştutany; Ýadro synaglaryny hemmetaraplaýyn gadagan etmek baradaky Şertnama Guramasynyň (Wena şäheri, Awstriýa Respublikasy) taýýarlaýyş toparynyň ýanyndaky wekili; Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili wezipelerine bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň