Okuwda we jemgyýetçilik işinde gazanan üstünlikleri Türkmenistanyň hünär bilimi edaralarynda tölegli esasda okaýan talyplaryň okuwyny tölegsiz esasda dowam etmegine mümkinçilik döredip biler.
Bu mümkinçilik «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde göz öňünde tutuldy.
Kanunyň 27-nji maddasynda ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak we olary höweslendirmek maksady bilen, hünär bilimi edaralaryna tölegli esasda okuwa kabul edilen hem-de okuwda, döwlet we halkara bäsleşiklerinde we jemgyýetçilik işlerinde ýokary netijeleri görkezen ýaşlara okuwyny tölegsiz esasda dowam etmek mümkinçiliginiň döredilmelidigi aýdylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Kanunyň rejelenen görnüşinde 1-nji sentýabrda gol çekdi.